Siziň üçin...Slider

Egin-eşiklerde artykmaç ilikler näme üçin goýulýar?

18-02-2023 / 11

Bilşimiz ýaly, erkek penjekleriniň köpüsinde artykmaç ilikler ýerleşdirilendir. Olar esasan eliň ýeňlerinde bolýar.

Bu ilikler öňdäki ilikler bilen birmeňzeş reňkde bolsada, olardan kiçiräkdirler. Ýagny, öňdäki iliklerden biri gopsa, olardan birini alyp gopan iligiň ýerine goýup ulanyp bolanok. Esasy iliklere bir ilik ätiýaçlyk berýän eşik firmalary, gollarda gereksiz ilikleri ýerleşdirmegi halaýar. Bu ilikler asyl gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Şol döwürlerde adamlar köýnekleriň gollaryny ýapmak üçin ilik ulanyşymyz ýaly, penjeklerde hem ulanypdyrlar. Şol sebäpli hem penjekde köp ilik ýerleşdirilipdir. Emma häzirki wagtda beýle alada ýok. Hut şol sebäpden hem penjeklerdäki kiçijek ilikleriň bezeg bolmakdan başga hiç bir zada peýdasy ýokdur.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu