Habarlar

Moskwada türkmen estrada ýyldyzlaryň konserti geçirildi

17-02-2023 / 9

15-nji fewralda Moskwada türkmen estrada ýyldyzlaryň konserti geçirildi. Russiýanyň paýtagtynyň iň gowy konsert zallaryndan biri bolan «Vega city hall» türkmen estrada ýyldyzlarynyň çykyşyna, takmynan, 1500 aýdym-saz muşdagy ýygnandy. 

Konsert baradaky habar resmi maglumat çeşmelerinde-de, sosial ulgamlarda hem ýaýradyldy. Ildeşlerimiz, şeýle hem Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar kalba ýakyn sazlar bilen unudylmajak duşuşyga gatnaşmak üçin tagalla baryny etdiler. Türkmen kärdeşleriniň hoşniýetli çakylygyna seslenen GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri sazly agşamyň hormatly myhmanlary boldular.

Meşhur sungat ussatlary – Azat Dönmezow, üflenip çalynýan gurallaryň ajaýyp ussady, köp saz guralyny çalýan Serdar Haýdarow, urlup çalynýan gündogar gurallaryna ussatlarça erk edýän Atajan Eýýubow dagy Moskwa halkynyň öňünde ussatlyklaryny görkezdiler.

Tomaşaçylar halk sazlarynyň okgunly depginine goşup, el çarpdylar we tans etdiler. Baýramçylyk agşamynyň hormatly myhmany bolmak çakylygyny kabul eden rus estrada ussatlary hem türkmen kärdeşlerini öz çykyşlary bilen goldadylar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu