Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. 2009-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti her ýylyň 18-nji fewralyny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpany aňladýar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir. Geçen ýylda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» türkmen Bitaraplygynyň hoşniýetli, özara bähbitli, parahatçylyk söýüjülikli we döredijilikli ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegi bolup, ol halkara gatnaşyklary çäginde döwletiň hukuklaryny goramak wezipesini öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde halkara derejesinde dünýä döwletleri ykrar edýärler. Diýarymyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.
Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir.
Nargiza ATAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.