Täze taryhy döwürde halkymyzyň nesil terbiýelemek babatda gadymy wagtlardan bäri durmuş synagyndan geçirip gelýän milli terbiýesini ýörelge edinmek däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ruhy gymmatlyklarynyň ençemesiniň gaýtadan dikeldilýän döwründe ýaş nesle ahlak, zähmet terbiýesini bermek we olary hünäre gönükdirmek meselesi bilim syýasatynyň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar.
Terbiýe her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, häsiýetine, islegine görä bolmaly. Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde-de öz halkyna nepi degjek ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler.
Terbiýäniň üç şahasy — jemgyýetiň, maşgalanyň we mekdebiň berýän terbiýesi aýrylmaz baglanyşykda amala aşyrylýar. Şol üç şahadan maşgala terbiýesi nesil terbiýesinde kesgitleýji wezipäni eýeleýär. Çünki maşgala çaganyň beden we ruhy-ahlak terbiýesine toplumlaýyn çemeleşmek bilen, bu meselede mekdebiň hem jemgyýetiň daýanjyna öwrülýär. Maşgala çaganyň ýaşaýan hem terbiýelenilýän ýeridir. Şol sebäpli çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy wezipe maşgalanyň üstüne düşýär.
Çaga dünýä inenden soň ony apalap, sagdyn ösdürmek, gowy terbiýe berip, il hataryna goşmak parz iş. Biri-birine örklenip, dowamata uzap gidýän bu ýörelgeler türkmeniň nesil daragtynyň mukaddes topraga berk kök urmagyna ýardam edýär.
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.