Habarlar

Ilçiler işe başlady

16-02-2023 / 8

Türkmenistanda Awstraliýanyň hem-de Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri işe başlady.

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan ynanç hatyny kabul etdi.

Şeýle-de şol gün  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçileri jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu