
Suw dünýädäki iň ýönekeý we iň köp peýdalanylýan madda hasaplanýar. Ýer ýüzüniň 70 % göterimini suw tutýan bolsa-da, ol suwlaryň bary-ýogy 1 % içmäge ýaramlydyr. Suw baradaky maglumatlar hemmämiz üçin hem gyzykly bolsa gerek:
― ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, iň arassa suw Finlandiýanyň çäklerindedir;
― Yssy suw sowuk suwdan çalt doň hala geçýär;
― Alymlar suwuň 3 agregat ― suwuk, gaty we gazly ýagdaýyndan başga-da, suwuk görnüşindäki 5 sany we doňdurylan ýagdaýyndaky 14 sany halynyň bardygyny ýüze çykardylar.
― Suw aýna ýalydyr ―120 derejä çenli sowadylanda suw sönüjilik häsiýetine, ―135 derejä çenli sowadylanda bolsa çüýşe halyna geçip bilýär.
― Jandarlaryň we ösümlikleriň köp bölegi-de suwdan ybaratdyr. Ýagny: balyklaryň 75%, meduzalaryň 99%, ýeralmanyň 76%, almanyň 85%, pomidoryň 90%, hyýaryň 95%, garpyzyň 96%, adam bedeniniň 86% suwdan ybaratdyr.
― Suw ― berhiz. Suwuň kömegi bilen artykmaç agramlardan saplanmak mümkin.
― Günüň dowamynda 6 stakandan artyk suw içýän adamlaryň ýürek-damar kesellerinden daşrakda ýaşaýandygyny alymlar subut etdiler.
― Suw kislorotdan soň adamzat üçin ikinji möhüm serişdedir. Adam iýmitsiz 6 hepde oňup bilse, suwsuz 5-6 günden köp ýaşap bilmez. Tutuş ömrüniň dowamynda ynsan takmynan 35 tonna suw içýär.
― Bir damja suwda millionlarça bakteriýalar, wiruslar, balyk işbilleri, leňňeç çagajyklary, planktonlar ýaşap biler.
Gözel ÇARYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.



