Şu gün – 15-nji fewralda Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli sergi uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara laýyklykda, täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny pudaklara ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýeti dünýä ölçegleri esasynda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň çäklerinde iki ýurduň işewürleri özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjek gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik alarlar.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletli geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bu gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine, abadançylygyna hyzmat edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
«TürkmenGazet».