
Liwanda doglan şwesiýaly meşhur aýdymçy Maher Zain Türkiýä gelip, ýer titremesinde ejir çekenlere kömek etmek çärelerine gatnaşdy. Oňyn teswirleri bilen sosial media hasabyndan haýyr-sahawat kampaniýalaryny goldaýan Zeýniň ýazgylary ünsi çekdi.
Ýer titremesiniň ilkinji gününden bäri her gün diýen ýaly Türkiýä goldaw bermäge çagyrýan musulman aýdymçysy Maher Zain, Angliýada ýerleşýän «Salam haýyr-sahawat» atly haýyr-sahawat guramasy bilen bilelikde azyk paýlady.
Sosial media sahypalarynda kömek çäreleriniň suratlaryny paýlaşan Zain: «Şu gün ýer titremesinden iň köp zyýan çeken şäherleriň biri bolan Kahramanmaraşa geldik. Weýrançylygy size ýetirmek isleýärin, ýöne ony kamerada görkezmek meniň üçin asla mümkin däl. Bu ýerde edýän ownuk-uşak zatlarymyz gaty zerur diýip pikir edýärin. Goldawyňyz üçin hemmäňize köp sag bolsun aýdýaryn. Sag boluň! Bu kömegi berip bileris» diýen sözlerini paýlaşdy.
Maher Zain şäher merkezinde köp binanyň weýran bolandygyny belläp: «Bu ýer, ýer titremesiniň merkezidir. Ýüzlerçe müň adam öýsüz galdy. Biz mümkin boldugyça kömek etmelidiris» diýdi.
«TürkmenGazet».



