
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň halkymyz bilen doganlyk Eýran döwletiniň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň Eýrana amala aşyran resmi sapary aýdyň şaýatlyk edýär. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine, şol sanda has ysnyşykly ylym-bilim hyzmatdaşlygyny, medeniýet we sungat ulgamynda özara alyşmalary işjeňleşdirmäge täze itergi berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara medeni alyşmalar ýola goýlup, şolaryň çäklerinde ylmy maslahatlar, sungat ussatlarynyň döredijilik saparlary, sergiler, kino, Medeniýet günleri hem-de bilelikdäki beýleki çäreler guralýar. Bu çäreler parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly mizemez gymmatlyklary alamatlandyryp, umumydünýä siwilizasiýasyna ägirt uly goşant goşan iki dostlukly halkyň taryhy-medeni, ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Goňşy ýurduň çäklerinde Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hem-de şahyr Döwletmämmet Azadynyň aramgähleriniň bardygyny hem bellemek gerek.
Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän şu gezekki Medeniýet günleri dostluk we düşünişmek ýörelgelerini berkitmegi maksat edinýän iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky täze sahypany açar.
2023-nji ýylyñ 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyñ Medeniýet günleriniñ açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyñ medeniýet-sungat ussatlary yzygiderli çykyşlarynda ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyñ mümkinçiliklerini açyp görkezýän aýdymçy-sazandalar toparynyñ çykyşlary tomaşaçylar köpçüligine täsirli boldy.
Çykyşlaryň içinde sportuñ dürli görnüşleriniñ aýratynlyklaryny özünde jemleýän tanslar saz bilen utgaşykly ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyñ Medeniýet günleriniñ yzygider geçirilip durulmagy iki halkyñ köpugurly hyzmatdaşlygyny depginli ösdürmäge,dostlukly gatnaşyklary berkitmäge bolan ymtylyşlaryñ aýdyñ subutnamasydygna şaýatlyk edýär.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.