
12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary bar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 14-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tamamlanar. Şol ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy we iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti bolar. Forumyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar muzeý gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň beýleki gözel ýerleri bilen tanşarlar.
«TürkmenGazet».