
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň topar otaglarynda «Terbiýeçiniň usuly burçunyň» uly ähmiýeti bardyr. Bu burç bilim işgäriniň sapagy nähili derejede mazmunly guraýandygyndan we toplan tejribesinden habar berýär.
Sapaklarda usuly gollanmalaryň, görkezme serişdeleriň we esbaplaryň işjeň peýdalanylmagy geçilýän sapaklaryň hilini ýokarlandyrýar, öwrenilýän temanyň ýatda galyjylygyny berkidýär, çagalarda sapaga bolan gyzyklanmalary döredýär.
Usuly burçda, esasan hem terbiýeçiniň öz elleri bilen ýasan we çagalyk dünýäsine mahsus esbaplaryň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde sowatlylygy ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, ýönekeý matematik düşünjeler we beýleki ugurlar boýunça gollanmalaryň we dürli görnüşdäki serişdeleriň toplumy öz ornuny tapýar.
Terbiýeçiler öz usuly burçuny hemişe baýlaşdyrmagyň, täzelikler we täze işlenilip düzülen ähmiýetli taslamalar bilen üstüni ýetirmegiň ugrunda bolýarlar. Bu bilim-terbiýeçilik işgäriniň hünär taýdan kämilleşmegine itergi berýär.
Biz hem öz usuly burçumyzda hem-de otagymyzyň beýleki bezeg serişdelerinde mähriban körpelerimiziň zehinlerini açmaga, bilimlerini ösdürmäge, aň we fiziki taýdan ösüşini talabalaýyk alyp barmaga, hususan-da, mekdebe taýýarlamaga gönükdirilen esbaplardan, enjamlardan we usuly serişdelerden işjeň peýdalanýarys.
Geçilýän sapaklaryň oýun görnüşinde gyzykly pursatlara beslenmegini gazanyp, ýaş nesillerde okuwa, döredijilige we sungata, zähmete we bedenterbiýä bolan höwesleri döredýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem işini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza we beýik işleri bilen görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Tawus SUWHANOWA,
Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.