HabarlarSlider

Jennifer Lopezden ýer titremesinden ejir çekenlere goldaw

12-02-2023 / 5

Mälim bolşy ýaly, Kahramanmaraşda 7,7 we 7,6 ball ululykda bolan 2 ýer titreme Gündogar Anadoly, Günorta-Gündogar Anadoly, Merkezi Anadoly we Ortaýer deňzi sebitleriniň köpüsini weýran edipdi. Dünýäniň goldawy Türkiýe üçin berilse-de, telewideniýe we sungat dünýäsiniň meşhur atlary hem ýer titremesinde ejir çekenler üçin çäre gördi. Bu atlaryň biri-de dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopezdi.

Dünýä belli aýdymçy Jennifer Lopez, Kahramanmaraşda bolup geçen ýer titremelerinde müňlerçe adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan bu waka biperwaý garamady we gynanç bildirdi. Lopez sosial media hasabynda öz abunaçylaryndan ýer titremesinde ejir çekenler üçin ÝUNISEF-e goldaw bermeklerini isledi.

Jennifer Lopez: «Söýgimi we güýjümi Türkiýedäki we Siriýadaky her bir adama iberýärin. Bu waka sebitde bolup geçen 100 ýylyň dowamynda iň uly ýer titreme» diýip belledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu