
31 ýaşly PSŽ-niň braziliýaly super ýyldyzy Neýmar Junior 6-njy gezek «Samba d’Or» baýragyna mynasyp görüldi.
Meşhur ýyldyz 2022-nji ýylyň daşary ýurtlarda çykyş edýän iň ökde braziliýaly futbolçy diýlip saýlandy. 6-njy gezek «Samba d’Or» baýragyna mynasyp görlen Neýmar bu ugurda rekordyň hem eýesi boldy. Abraýly baýraga mundan öň 2014, 2015, 2017, 2020 we 2022-nji ýyllarda mynasyp bolandygyny hem ýatlamak gerek.
Neýmar geçen möwsüm PSŽ -de 12 topy geçirip, geçen ýyl Ligue 1-de PSŽ üçin 18 oýunda 10 asist bellige aldy.
2008-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän baýraga ilkinji gezek Kaka mynasyp bolupdyr.
«TürkmenGazet».