HabarlarSiziň üçin...

 «Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnal gyzgyn goldaw tapdy

12-02-2023 / 3

 «Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnal ýurdumyzyň elektron neşirleriniň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan esaslandyrylan žurnal ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretdi.

Çeper-publisistik, ylmy-populýar neşir bolan «Arkadagly ýaşlar» atly žurnal ýaşlar babatdaky başlangyçlaryň täze üstünliklere eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlaryň bilimli, ylymly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Bular dogrusyndaky söhbetler žurnalyň süňňünden eriş-argaç bolup geçýär.

Žurnalyň üsti bilen her bir okyjy özüni gyzyklandyrýan temalar boýunça üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde makalalary okap biler. Elektron neşir ýaşlaryň ajaýyp döwrümize sesini goşmagy üçin täze mümkinçilik boldy. Žurnal zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmekde esasy çeşme bolup hyzmat eder.

Madina RAJABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu