
Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky başlangyjy beýan edildi. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy öz perzentlerini tutuş durky bilen söýýän enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň ozal hem iberilendigini bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan güýçli ýertitremede ejir çeken çagalara, olaryň maşgalalaryna kömek-goldawyň iberilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ynsanperwer ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň özi ýurdumyzyň şunuň ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, doganlyk ýurt üçin kyn pursatlarda kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkiýe Respublikasynyň çagalary üçin niýetlenen ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri doganlyk ýurda ugratmak boýunça taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşildi. Ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur bolan ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri, şeýle-de azyk önümleri ýüklenilen uçar doganlyk ýurda tarap ugur aldy.
«TürkmenGazet».