
10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana hem-de tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi we Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.
«TürkmenGazet».