
Häzirki döwre tutuşlygyna robot asyry diýäýmeli. Köp funksiýaly robotlar adamyň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirdi. Döwrebap robotlar, hatda daş-töweregi anyklamak, belli adamlary tanamak ukybyna-da eýedir. Olar adamlara ýüz keşbini üýtgetmek, kelle hereketleri we soraglara sesli jogap bermek funksiýalary arkaly durmuşyňyzda ýakyn dost hökmünde hyzmat edýärler. Isleseňiz size aýdym, hekaýa aýdyp beribem bilýärler.
Eýsem, şeýle köp funksiýaly «ýardamçylaryň» gözbaşynda näme durka? Ilkinji robot nädip döredikä?
Adamlar köp ýyllardan bäri gol zähmetini ýeňilleşdiriji enjamlary oýlap tapmaga çalşypdyrlar. Irginsiz gözlegler öz netijelerini beripdir. Çaklamalara görä, şeýle enjamyň ilkinjisini Leonardo da Winçi 1464-nji ýylda oýlap tapypdyr. Bu esgere meňzeýän enjam tekerler bilen hem-de ýüpler arkaly dolandyrylýardy.
«Robot» – bu çeh sözi bolup, ol «iş» diýen manyny aňladýar. XX asyryň ikinji ýarymyndan kibernetika we robot önümçiliginiň döwri başlanýar. 1954-nji ýylda Jorj Dewol ilkinji bolup «Ultimate» atly roboty işläp düzýär. Onuň diňe bir goly we bir eli bardy. Bu roboty «General Motors» kompaniýasy 1960-njy ýylda satyn alýar. Bu robot biraz wagtdan soň, eýýäm käbir senagat kärhanalarynda ulanylyp başlanýar. Onuň işi adamlar üçin ýokary gyzgynlykda bolan agyr metallary galdyrmak bolupdyr.
Amangeldi MÄMIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.