
Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy.
Dostlukly ýurtdan täze lukmançylyk maksatly awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň serhet ýakasynda geçirilen toý dabarasy iki halkyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalara hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýerde hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, täze taryhy döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Soňra tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen awtoulaglaryň uzyn hatary gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezine geldi.
Dostlukly ýurtdan gelip gowşan 20 sany «Tiz kömek» awtoulagy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna berildi. Şolaryň 14-si Daşoguz welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, 6-sy bolsa Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine bölünip berildi.
«TürkmenGazet».