Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy

09-02-2023 / 4

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi. 

Hormatly Arkadagymyz Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly möçberli weýrançylyklara getirendigini gynanç bilen belläp, tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýdyp, türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral wagt tapyp ilçihana gelendigi hem-de türk halky üçin şu agyr pursatda medet beriji, ruhlandyryjy sözlerini aýdandygy üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türk halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we beýan edilen medet beriji sözleri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýetirjekdigini belledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu