SliderSyýahatçylyk

Kalimantan — gadymy ada

08-02-2023 / 15

Taryhy maglumatlara görä, Kalimantan adasynda takmynan, 40 müň ýyl mundan ozal hem ýaşaýşyň bolandygy barada maglumatlar bar. Adada ýerleşýän Nia gowagynyň gadymy adamlaryň ilkinji düşelgeleriniň biri bolandygyny alymlar tassyklaýar.

Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu ýerde daşdan ýasalan zähmet gurallary we adam ystyhanlary, gadymy gaýa ýazgylary tapyldy. Kalimantan 1521-nji ýylda Magellan tarapyndan dünýä kartasyna girizilýär. Ada şol wagta çenli karta girizilmedik hem bolsa, hindi, hytaý, ýapon, arap söwdagärleriniň arasynda meşhur bolupdyr. Kalimantan daglyk sebit bolup, aglaba bölegini jeňňel eýeleýär. Bu künjegiň tropiki tokaýlarynyň ýaşy, takmynan, 130 million ýyl diýlip çaklanylýar. Dünýä belli ýazyjylar Josef Konrod, Sommerset Moem dagy dürli döwürlerde ada syýahat edipdirler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu