HabarlarSlider

«Aşk-ı Memnu» filminde «Bihter»-iň keşbinde oýnar

08-02-2023 / 5

Mustafa Uslu tarapyndan tomaşaçylara hödürlenen «Bergen» filmi bilen hem uly meşhurlyk gazanan Farah Zeýnep Abdullah, bu gezek «Aşk-ı Memnu» filminde rol alar. «Aşk-ı Memnu» seriýalynyň hekaýasy 1900-nji ýyllaryň jadyly atmosferasy bolan filme öwrülýär. Taslamanyň baş keşbini ýerine ýetirýän meşhur türk aktrisasy Farah Zeýnep Abdullah, filmiň baş gahrymany bolan Bihteriň durmuşyny janlandyrar.

Sanly platformada çykjak «Aşk-ı Memnu» filminiň ssenariýasyny Merwe Gontem ýazypdyr. Türk žurnalisti Birsen Altuntaşyň habar bermegine görä, «Bergen» filmi bilen uly üstünlik gazanan Farah Zeýnep Abdyllanyň täze taslamasy yglan edildi. Farah 1900-nji ýyllaryň jadyly atmosferasynda tomaşaçylara bütin dünýä täsir eden «Aşk-ı Memnu» hekaýasynyň baş gahrymanynyň keşbinde oýnar. Häzirki wagtda filmde rol oýnaýan aktýorlar bilen gepleşikler dowam edýär. Film ýakyn wagtlarda «TAFF Pictures» tarapyndan tomaşaçylara hödürlener.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu