Habarlar

Küşt boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

07-02-2023 / 13

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Çempionatda ýurdumyzyň iň güýçli ýaş küştçüleriniň milli ýaryşynda 19 ýaşly küştçi Azat Nurmämmedow hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy.

Ýaşlaryň arasyndaky milli birinjilikde ikinji orny aşgabatly Amanmuhammet Hommadow (2006-njy ýylda doglan, 1840 reýting utugynyň eýesi), üçünji orny bolsa Lebap welaýatyndan Wepaly Halnyýazow (2005-nji ýylda doglan, 1911 reýting utugynyň eýesi) eýeledi. Türkmenistanyň çempionatynda bu türgenler mümkin bolan 9 utukdan, degişlilikde, 7,5 we 7 utuk gazanmagy başardylar. 

Küşt boýunça ýaşlaryň arasyndaky birinjilik Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň täze wekilini hem ýüze çykardy. Ýaryşda birinji we ikinji orunlary eýelän Azat Nurmämmedow bilen Amanmuhammet Hommadowyň eýýäm Ýokary ligada ýaryşýandygy sebäpli, liganyň täze wekili Wepaly Halnyýazow boldy. Erkekleriň arasynda Ýokary liganyň ýaryşyny fewral aýynyň soňky günlerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu