Siziň üçin...Slider

Progressiýa — matematikanyň wajyp düşünjesi

06-02-2023 / 29

Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri matematikadyr. Islendik hünärmeniň gündelik durmuşda matematiki hasaplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy bu ylmyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Matematikanyň wajyp düşünjeleriniň biri ― progressiýalar. Ýurdumyzyň  orta mekdeplerinde arifmetiki we geometriki progressiýalar, olaryň agzalary, tapawudy, maýdalawjysy, agzalarynyň jemi boýunça düşünje berilýär.

Progressiýalara bank ulgamynda, ykdysadyýetde, lukmançylykda, farmasewtikada, fizikada, botanikada, mikrobiologiýada köp duş gelinýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmeginde arifmetik we geometrik progressiýalar hakynda düşünjeleriň  zerurlygyny hem ýatlamak gerek. «Progressiýa» adalgasy latyn «progressio» sözi bolup, «öňe hereket» diýmekligi aňladýar. Bu matematiki adalga b.e VI asyrynda rimli matematik Boesiý tarapyndan ylma girizilen. Progressiýa ― belli bir düzgüne görä kem-kemden köpelýän ýa-da azalýan sanlar yzygiderligi. Onuň esasy iki görnüşi bolup, olar: arifmetiki hem-de geometriki progressiýalardyr.

Moldawiýaly matematik Gerş Isaakowiç Gleýzer özüniň VII, VIII synplar üçin ýazan «Mekdepde matematikanyň taryhy» atly okuw gollanmasynda san yzygiderlikleriniň, progressiýalaryň ylma girizilmezden öňki peýdalanylan çeşmeleri barada giňişleýin maglumat berýär. Yzygiderligiň predeli hakyndaky pikirler b.e. öňki V-IV asyrlarda ýüze çykýar. San yzygiderlikleriniň bir görnüşi bolan progressiýalar Wawilonyň, Müsüriň b. e. öňki II müňýyllyga degişli taryhy ýadygärliklerde duş gelýärler.  Arhimediň (takmynan, b. e. öň 287-212ý)  işlerinde progressiýalar barada ilkinji maglumatlara duşmak bolýar. Hatda, Gadymy Müsürde hem diňe bir arifmetiki däl-de, eýsem geometriki progressiýa hakynda düşünje bolupdyr. «Matematika dokuz kitapda» atly gadymy Hytaý traktaty hem arifmetiki hem-de geometriki progressiýalara degişli meseleleri öz içine alýar. Bu aýdylanlardan ugur alyp, progressiýalaryň  öz köküni irki wagtlardan alyp gaýdýandygyny şübhesiz aýtmak bolar. Mekdep kitaphanalarynda bu tema degişli maglumatlary, meseleleri öz içine alýan dürli kitaplar, gollanmalar saklanylýar. Okamak, döretmek üçin biz, ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Selbi RUSLANOWA,
Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň XI synp okuwçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu