Siziň üçin...Slider

Çagany söýmän adamzady söýüp bolmaz

Çagalar hakda aýdylanlardan

06-02-2023 / 12

Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çaga-da däl atadadyr.
Ýusup Balasagully
***
Çaga ýaly bolmak – şübhesiz kämillikdir. Beýik kişiniň çaga ýaly bolmasy kiçilik däldir.
Jelaleddin Rumy
***
Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman, çagaň söýgüsi ýaly söýgi ýokdur.
Hindi nakyly
***
Eger ulular terbiýeli bolsalar, çagalaryň özleri hem terbiýelenerler.
Luiza Heý
***
Çaga terbiýelemegi başarmak durmuşy giňden bilmegi talap edýän beýik işdir.
M.Gorkiý
***
Eger çaga ýaşaýan öýüniň oňa-da degişlidigini duýmasa, ol köçäni öý ediner.
Nadin de Rotşild
***
Çagany söýmän adamzady söýüp bolmazdy.
F.Dostaýewskiý
***
Çagalar hiç zat etmeseler-de, bir zada güýmenýändirler.
Mark Tulliý Siseron
***
Çagalar bilen mylaýym gürleşiň, sebäbi käýemek olary doňýürek eder.
Şarl Lui Monteskeýe
***
Haçanda çagany gorkuzsalar, ursalar, onda ol özüni kiçilikden ýeke duýup başlaýar.
Dmitriý Pisarew
***
Her bir çaganyň özboluşly dünýägaraýşy, pikirlenişi bar. Olaryň dünýägaraýyşlaryny özüňkä görä üýtgetmeklik akmaklykdyr.
Žan Žak Russo
***
Çagalar ululara ynanyp, olaryň göreldesine eýerip ýaşaýarlar.
Lýudwig Witgenşteýn
***
Çagany terbiýeleýärkäň, gowusy ony duýdurmazlykdyr.
Oskar Uaýld
***
Çagalar biziň garrylygymyzydyr. Dogry terbiýe – bu biziň bagtly garrylygymyz, erbet terbiýe bu biziň geljekki gaýgymyz, gözýaşymyz we beýleki adamlaryň öňündäki günämizdir.
A.S.Makarenko

Taýýarlan: Narbibi HAKIMOWA,
Çärjew etrabynyň 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu