
Magtymguly Pyragy bütin dünýäde umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan şahsyýet, akyldar hökmünde beýik ykrarnama eýe bolan şahyrdyr. Bu günki gün bolsa şahyryň ady bütin dünýä ýaýrap, onuň döredijiligini ynsanyýetiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe etdi.
Häzirki döwürde beýik akyldar şahyryň parahatçylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik, adalatlylyk ýaly belent ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan filosofiki taglymy we döredijiligi umumadamzat gymmatlygy hökmünde içgin öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň keşbini sungat eserlerinde janlandyrmakda, edebi mirasyny dünýä halklaryna elýeterli etmek maksady bilen, dürli dillerde ýygyndylaryny çap etmekde köp işler durmuşa geçirilýär.
Magtymgulynyň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagyna sebäp bolan esasy zat – onuň goşgularyndaky liriki gahrymanyň ähli duýgularynyň, arzuwlarynyň, garaýyşlarynyň, töweregindäki dostlarynyň halk bilen bagly bolmagydyr. Şeýlelikde şahyryň eserlerindäki liriki gahryman şol döwrüň zähmetsöýer halkynyň häsiýetine mahsus bolan ajaýyp sypatlary özünde jemleýän gahryman bolup orta çykýar.
Döredijiligini halkyň durmuşy bilen berk baglylykda dowam etdiren beýik akyldaryň agzybirlk, bitewilik ugrundaky ýörelgesi hem örän ýokary derejede beýan edilýär.
Magtymguly Pyragynyň Watana bolan çuňňur söýgüsi, il-güne bolan hormat-sylagy, ruhy-ahlak gymmatlyklar şygyrlar bossanynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldaryň şygyrlarynda adamkärçiligiň iň belent duýgusy — eziz topraga bolan wepalylyk bar. Etregiň, Gürgeniň belent daglary, şaglap akýan çeşmeleri, gül-gunçalary şygyrlaryň çeperçiligini has-da artdyrýar. Şahyr öz dogduk obasyna bolan söýgüsiniň üsti bilen tutuş türkmen topragyna bolan belent söýgüsini beýan edýär, Watanyň mukaddesligini we gadyr-gymmatyny arşa göterýär. Garagum çölüniň bezegi bolan gül-gunçalary, Hazar deňziniň tolkun atýan mawy bulagyny gözüniň garasyna deňeýär. Ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyklar, ene-ata hormat, belent ynsan sarpasy baradaky öwüt-ündewler her bir ýaş okyjy üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Nurjemal AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.