Göwün küýsegiSlider

Adamlaryň arasynda

06-02-2023 / 30

Ilkinji gezek bazara gidişim däldi. Kakamyň ýekebara motorynyň yzynda joňkaryp, kän giden bolsam gerek. Ýalňyşmasam, ýedinji synpda okaýardym öýdýän. Tomsuň güni bolansoň, bazarda kakam bilen gezip ýörşümize suwsapdyrys. Gazly suw satýan satyjydan iki bulgur suw alyp, eňegimizi aýyrman içipdik. Suw sowuk bolansoň, bir demde içäýmek maňa çetindi. Kakam içdi-de:

— Häzir geljek, şu ýerde garaşgyn, oglum! — diýdi.

Men razylaşdym. Bu mähelleden ýaňa hyň berýän bazaryň içinde hanjak gitmegimiň özi gözsüz batyrlykdy. Sebäbi entek ýekelikde bazara aýlanyp görmedik gögeledim. Bulgurymdaky suw gutardy. Kakam gara berenok. Iki sagada golaý wagt durandyryn. Biraz uzaklykda bazaryň uly derwezesi görnüp dur. Şondan çyksam, kakamyň ulagyny tapjakdygymy bilýän. Ýöne kakam garaşgyn diýipdi, ahbetin! Bazaryň mähellesi selçeňleşdi. Wagt hem günortadan geçipdi. Teý-ahyr, bazaryň şol uly derwezesine tarap ýöräp başladym. Aýaklarym titreýär. Deňimden geçýän adamlaryň gözünde: «Çaga halyňa ýeke özüň bazarda nä körüň?!» diýen sowaly görmek kyn däl. Kakamyň motoryny tapdym. Hä diýmän kakam geldi-de:

— Iň soňky gelen netijäň şumudy, oglum? — diýdi.

Men ilkibada düşünmedim. Soň eşitsem, kakam meni uzak aralykdan synlap duran bolsa nätjek! Meni ýekelikde köpçülige höwrükdirmek meýli bar eken. Ýylgyrdym. Dogrusy, biraz ýeke goýup gidendigi üçin kakamdan öýkeläpdimem. Öýkämiň «möhleti» öýe barýançak tamamlandy.

…Ynsanyň her bir ätjek ädimi onuň geljegine öz täsirini ýetirmän galmaýar. Ykbalyň öwrümli ýollary ätjek ädimleriň dogumlylygyny ölçäpjik durandyr görseň. Sähelçe haýal-ýagallyk edäýseň, çüwdäň ýere degjegi ikuçsuz. Ýol kän. Ýöne haýsy ýoldan ýörejekdigiň seniň gelen netijäňe bagly. Kakamyň ýanyndan aýrylasy gelmeýän oglantak göwnüm, bu gün ýene şol günleri küýsemän duranok. Şol saryja motor bilen, käte-de paý-pyýada niçeme ýollary külterledik. Ana, şonda kakam maňa, men bolsa kakama öz ýanymyzdan buýsanardyk. Ýöne kakam bu sapar meni owalkylar ýaly gapdaly bilen alyp gitmedi. Özi-de, ol bu ýoldan gidip barýarka ne ýanyna adam aldy, ne-de şo-ol saryja motorymyza mündi. Öýkeläýin diýsem, indi kiçi ýaşly däldim. Kakamy bolsa adamlaryň arasyndan gözüm bilen ugratdym…

Begenç ANNAÝEW.
Çeşme: «Esger» gazeti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu