
Täze möwsümiň bosagasynda diňe bir tälimçilerdir futbolçylar däl, eýsem, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminleri hem özleriniň tejribelerini artdyrýarlar. Şu maksat bilen, ýakynda türkmen eminleriniň üçüsi Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy tarapyndan (CAFA) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Okuw maslahatyna Türkmenistandan halkara derejeli eminler Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow we Alibek Sapaýew dagy çagyryldy. Okuw maslahaty CAFA-nyň Daşkent şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi.
Futbol boýunça halkara derejeli okuw maslahatlaryna mahsus bolşy ýaly, bu gezek hem Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) we CAFA-nyň wekilleri oňa gatnaşyjylar bilen nazary we amaly sapaklary geçdiler. Muňa erkekler bilen bir hatarda sebitiň zenan türgenleriniň hem wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda eminleriň fiziki taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça hem işler geçirildi.
«TürkmenGazet».