
4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory A.Jepbarowyň üstüne ýüklenýändigini aýdyp, oňa bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýtynyň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz onda Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlaryň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewe bu ugurdaky işleri döwrebap guramagy we utgaşykly alyp barmagy tabşyrdy.
«TürkmenGazet».