
3-nji fewralda paýtagtymyzyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi.
Doganlyk ýurduň paýtagty, taryhy gymmatlyklara baý bolan gadymy Daşkendiň medeni aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp seýilgähde guralan dabara Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de iki ýurduň döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdy.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Kuçkarow çykyş etdi.
Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi mynasybetli guralan konsert dostluk mukamy bolup ýaňlandy.
«TürkmenGazet».