Habarlar

Garagum derýasynyň durky täzelener

04-02-2023 / 4

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemegiň zerurdygyny belledi. Şonuň ýaly-da, suw hojalygynyň ýagdaýyny seljerip, derýalary we akabalary hem gözden geçirip, zerur bolsa, olarda arassalaýyş, düýbüni çuňaltmak işlerini geçirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu