SliderSyýahatçylyk

Taganaýyň «daşly derýasy»

04-02-2023 / 11

Biler bolsaňyz, Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň çäklerinde ýaşaýan Taganaý gaýalarynyň eteginde tebigatyň ajaýyp gözellikleriniň biri ýerleşýär. Bu ýere ýurduň ýerli halk «Daşly derýa» diýip at beripdir.

Ajaýyp gözellik güýçli akymyň çekilmegi netijesinde dörän tebigy täsinlikdir. Ýagny, derýanyň köne hanasy äpet harsaň daşlaryndan doly bolup, hamala indi ondan suwuň deregine daş akýan ýaly täsir döredýär. Harsaň daşlar joşgunly derýanyň tolkunlaryny ýada salyp, biri-biriniň üstünde münderlenişip durlar.

Bu sebitde şeýle geologik hadysanyň netijesinde emele gelen daş derýalar barmak büküp sanardan kändir. Olaryň iň uzyny 5-6 km çenli uzaýar. Bu ýerdäki käbir harsaňlar adamyň boýy bilen barabar bolup, agramy ortaça 1-1,5 tonna golaýdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu