
«ATLAS» halkara taslamasy Atlantik ummanynyň suwasty haýwanat dünýäsini giňişleýin öwrenmegi maksat edinýär. Bu ägirt uly taslama dünýäniň 13 döwletinden 80-e golaý ýokary derejeli hünärmenleriň, alymlaryň, meýletinçi talyplaryň işjeň gatnaşmaklarynda bu taslama şu ýylyň dowamynda tamamlanar.
Atlantik ummanynyň demirgazyk böleginde 5 ýylyň dowamynda geçirilen 45 ylmy-barlag ekspedisiýasynyň netijesinde öň mälim bolmadyk deňiz jandarlarynyň 12 görnüşi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda balyklaryň, sowuk suwlarda duş gelýän merjen polipleriniň we oňurgasyz jandarlaryň görnüşleri duş gelýär. Şeýle hem, barlaglaryň netijesinde demirgazyk Atlantik ummanynyň suwasty akymlarynyň çürt-kesik haýallandygy anyklanylypdyr. Munuň soňky wagtlarda dünýädäki howanyň özgermegi bilen düşündirilýändigini taslamanyň ýolbaşçysy Mýurreý Roberts gürrüň berýär.
Häzirki wagtda ummanyň günorta böleginde geçiriljek ylmy-barlag ekspedisiýasyna taýýarlyk görülýär.
«TürkmenGazet».