Göwün küýsegiSlider

Gündeligiň gyş günlerindäki belliklerinden

02-02-2023 / 19
  • Özlerem, gözlerem çuňlukda bolany üçin çuňluklara ymtylýan köklere meňzäsim gelýär käteler.
  • Duýga gezek geleninde dolup daşmamy geňlemäň! Men Jeýhunyň perzendi!
  • Aýtmaklaryna görä, ynsan diňe biri-birinden däl, öz-özündenem aýra düşýärmiş. Ykbal bizi bu beladan daş etsin.
  • Ömür menzillerinde özümiz azaşsagam sözümiz azaşmawersin.
  • Hakykatdanam, söz — adamyň öz-özüne çydaman, ahyr bir gün açyş eden zadymyka?!
  • Hakydamyzdaky hakykatlar ýüregimiziň bir burçunda jaýlaşýar.
  • Bikär oturasym gelenok. Sebäbi hiç hili hereket etmesem sagadam «juk-juk» edip baş ýaýkap, halyma nebsi agyryp ugraýar…
  • Günler, aýlar, ýyllar, pasyllar gaýtalanýar. Ýöne günleriň, aýlaryňdyr ýyllaryň, ýakymly ýatlamaly pasyllaryň geçen wakalary welin…
  • Degişme öz ýerinde ýagşy. Çünki degişmek bilen göwne degişmegiň arasynda diňe ýekeje söz bar.
  • Durmuş mekdebi bilen okuw mekdebiniň aratapawudy biriniň sapak berip, soň synag alýandygynda, beýlekisiniň bolsa ilki synap, soň sapak berýändigindedir.
  • Merduwanyň basgançaklarynyň aralyklary näçe ýygy bolsa, şonça çalt ýokary ýetip bolýar. Edil şonuň ýaly-da kiçijik ädimler yzygiderligi beýik üstünliklere ýetirýär.
  • Demir döwülse ussa tapylar, göwün döwülse gussa…
Sülgün MYRATGELDIÝEWA.
Çeşme: «Esger» gazeti.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu