SliderSyýahatçylyk

Asmana uzaýan «Dikleýin şäher» şäher

01-02-2023 / 18

Italýan binagärlik kompaniýasy bolan «Luca Curci Architects» Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guruljak «Dikleýin şäher» atly täsin şäher gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Bu taslamanyň çäklerinde az energiýa sarp edýän beýik binaly geljegiň şäherleri ummanyň içinde peýda bolar. Silindr görnüşli binalar fotoelektrik elementli aýnalar bilen örtüler.

Merkezi binanyň beýikligi 750 metr bolup, onda ýaşaýyş jaýlary, edara-kärhanalaryň iş otaglary, söwda merkezler we beýleki desgalar ýerleşer. Bu toplumyň ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 25 müň adama niýetlenener. Şeýle-de, 200 müň inedördül metr meýdanda ýaşyl zolaklar we binalaryň ýokarky böleginde seýilgähleri gurmak göz öňünde tutulýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu