SliderSyýahatçylyk

Dünýäni geň galdyrýan özboluşly myhmanhana

01-02-2023 / 9

Singapurda ýerleşýän «Eden» myhmanhanasy özboluşly binagärlik çözgüdi bilen Ýer ýüzüni geň galdyrýar.

Myhmanhananyň beýikligi 105 metr bolup, onuň daşky diwarlary ösümlikler we gyrymsy daragtlar bilen örtülendir. Onuň içki bezegleri hem tebigatyň baý ösümlik dünýäsini özünde jemleýär. Şol sebäpli hem bu bina halkyň arasynda göçme manyda «Baga bürenen şäher» diýen ada mynasyp bolupdyr. Binanyň girelgesi gara granit bilen örtülip, äpet ýagtylandyryş çyrasy ösümlik we agaç böleklerinden gurnalandyr. Şeýle-de, binanyň içki bezeglerinde tebigy gurluşyk önümlerinden giňden peýdalanylypdyr. Binanyň içki diwarlary hek daşy bilen suwalyp, agaç düşemeleriniň hem tebigy özboluşlylygy saklanypdyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu