Siziň üçin...Slider

Görkezme esbaby — sapagyň usulyýetiniň esasy

Hünärmeniň syny

31-01-2023 / 5581

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bilim-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, kämil bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçiler öz hünärlerini kämilleşdirmek, tejribelerini artdyrmak bilen birlikde, sapaklaryny baý mazmunda guramaga çalyşýarlar.

Geçilýän sapaklaryň terbiýeçilik hem-de sowatlylygy ösdürmek taýdan netijeli bolmagynda görkezme serişdelerini, tema degişli esbaplary peýdalanmagyň hem ýokary ähmiýeti bar. Şu nukdaýnazardan hem mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeler bilen geçilýän sapaklaryň hil we many taýdan ýokary derejesini gazanmak üçin dürli görnüşli görkezme esbaplary peýdalanylýar. Ýeri gelende bellesek, görkezme serişdeleri yzygiderli kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar, täzelenýär we olaryň täze taslamalar arkaly üsti ýetirilýär. Munuň çagalar baglarynyň usulyýet gorunyň baýlaşdyrylmagynda hem uly orny bar. Esasy bellemeli zat, şeýle serişdeleri – görkezme esbaplaryny işläp düzmek, döredijilikli taslamalary durmuşa geçirmek bilim işgärleriniň öz-ukyp başarnyklary, zehinleri we gazanan tejribeleri bilen berk baglydyr.

Etrabymyzdaky 4-nji çagalar bagynyň müdiri Gurbansoltan Akgaýewa hem çagalar bagynyň degişli toparlarynda peýdalanmak maksady bilen birnäçe görkezme ebaplaryny taýýarlamaga döredijilikli çemeleşýär. Onuň «Öz öýüni tap!» diýen at bilen taýýarlan görkezme esbaby hakynda bellemek bolar. Bu görkezme esbaby çagalar baglarynyň bakja toparlarynda peýdalanmak üçin niýetlenilýär. Görkezme esbaby magnitli tagtanyň giňişliginde ýerleşip, onda dürli haýwanjyklaryň, guşjagazlaryň, balyjaklaryň şekilleri berkidilýär. Onuň töwereginde bolsa degişli «gahrymanlaryň» ýaşaýan ýerleri görkezilýär. Çagalar bolsa haýsy haýwanyň nirede, haýsy öýjagazda ýaşaýandygyny ýa-da ýaşap biljekdigini bilip, tagtadaky haýwanjyklary öz öýlerine ýerleşdirmegi başarmaly. Mysal üçin, çagalar balyjagy suwa ýerleşdirmegi, guşjagazy bagdaky höwürtgä ýerleşdirmegi başarmaly.

Bu görkezme esbabynyň çagalaryň pikirlenişini ösdürmekde uly ähmiýeti bar. Şeýle-de bu serişde körpelere haýwanjyklary, olaryň atlaryny, häsiýetlerini tanamak, öwrenmek mümkinçiligini açýar. Esbap bilen işleşmek arkaly bolsa çagalar gelen netijelerine, pikir garaýyşlaryna görä degişli şekili öz ýerinde goýmagy, sazlaşykly ýerleşdirmegi öwrenýär. Bu bolsa körpäniň el hereketlerini iri we ownuk motorikalaryny ösdürmäge, işjeňligini, zähmete ukyplylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Terbiýeçilik taýdan bolsa çagalaryň daş-töweregimize, tebigatymyza we onuň janly-jandarlaryna söýgi bilen, aýawly göz bilen garamagyny gazanmaga itergi berýär.

Umuman aýdylanda, G.Akgaýewanyň taýýarlan bu görkezme esbabyny işjeň ulanmak arkaly terbiýeçiler çagalaryň düşünjelerini çuňlaşdyryp, bilýän zatlarynyň üstüni ýetirip, öwrenilenleri gyzykly ýagdaýda özleşdirip, sapakda tapawutlanan körpeleri höweslendirip, käbir yza galýan çagalar bilen bolsa aýratynlykda işleşip biler. Ýeri gelende bellesek, şeýle görkezme esbaby boýunça zehin bäsleşiklerini, oýunlary hem guramak bolar.

Şeýle ähmiýetli, göwnejaý, ekologiýa taýdan arassa serişdeleri, pedagogikanyň kadalaryna laýyk gelýän çagalar üçin sadadan düşnikli esbaplary işjeň peýdalanmak onuň görnüşlerini ýaýratmak körpeleriň sowatlylygynyň ösdürilişinde, terbiýeleriniň pugtalandyrylmagynda möhümdir.

Ajaýyp zamanamyzda bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünärini artdyrmaga, olaryň döredijilikli başlangyçlaryny goldamaga, täze iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys. Nesilleriň röwşen ertirlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny pugtalandyrýan, pähim-parasatly eserleri arkaly bilimli ýollary ýagtylandyrýan halkymyzyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden alkyşlaýarys.

Bahar AKMYRADOWA,
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň bilim bölüminiň mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu