Habarlar

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi

28-01-2023 / 9

Şu gün — 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi.

Nobatdaky foruma Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň iş usullarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlar forumynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu