Habarlar

Şu ýyl 580 müň gektar meýdanda gowaça ekiler

27-01-2023 / 11

26-njy ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

Mejlisde ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer sebitlerde ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda”, şeýle-de “Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Şol resminamalara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, şondan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňümizdäki möwsüm üçin geçirilýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz wagtynda taýýarlamagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu