
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine 27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Gutlag hatyny ugratdy.
Gutlagda: “Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşymda milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigimizi aýdypdym. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylar. Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün ediler, ähli amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, harby şäherçeler gurlup ulanmaga berler. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukybyny we harby kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça işler hemişe üns merkezinde saklanar” diýlip bellenilýär.
«TürkmenGazet».



