
Amuldan Horezme gidýän orta asyr ýolunyñ boýundaky ilatly ýerleriñ arasynda, gadymy şäherleriñ sanawynda Darganata şäherinde ýerleşýän Dargan galasy hem bar.
Gündogar Türkmenistanda ýerleşýän bu gala Amuldan Gürgenje tarap kerwen söwda ýolunyñ ugrundaky düşelge nokady hökmünde ýatlanýar. Onuň diwarlary hut şol döwre degişlidir. Arap syýahatçysy Ýakup öz ýazgylarynda “Amuldan Dargana çenli kerwen ýoly 6 günlük bolupdyr” diýip belleýär. Bu ýerde kerwen düşelgesiniñ bolandygyny subut edýän ýene-de bir maglumat bu galanyñ port şäher bolmagydyr.
Galanyñ häzir hem bildirip duran demirgazyk tarapy aýlaw görnüşinde bolup, bu aýlaw gämi duralgasy eken. Derýanyñ üsti bilen hem söwda gatnaşygy ýola goýlupdyr. Galanyñ demirgazygyndaky aýlaw bolan ýeriñ gumy gaty toýna öwrülipdir we ol aşak düşmek üçin amatly ýer bolup görünýär.
W.W.Bartold XI asyrda Dargan galasynyñ Beýik Ýüpek ýolunyñ Amul-Horezm aralygynda möhüm ähmiýetli nokat bolandygyny ýazýar. Arheologlaryñ pikiriçe, bu ýerde iri gämi duralgasy bolup şonuň üsti bilen günortadan suw arkaly harytlar getirilipdir. S.Atanyýazowyñ bellemegine görä, häzirki “Dargan gala” VII-VIII asyrlara degişli hasaplanylýar. Ol şol döwürlerde-de “Dargana” ady bilen tanalypdyr. Galanyñ tutýan meýdany 8 gektar çemesi bolup onuñ beýikligi 6-8 metr, diwarlarynyñ galyñlygy 3-5 metr aralygynda. Gala 2 gatdan ybarat. Galada geçirilen gözleg işlerinde küýzeler, humlar we gap-gaç bölekleri tapylypdyr. Şeýle hem bu ýerde 2 sany uly hum küýzeler bütinligine gazylyp çykarylan. Bu küýzeleriñ 1 metr 20 santimetre golaý. Galanyñ içinden tapylan daş degirmeni bu ýerde harazyñ bolandygyny subut edýär. Galada mis önümler, palçykdan bişirilen ýukajyk gara tegmiller we kertikler bilen bezelen gap-gaçlar köp tapylýar.
Göwher ÇÖLIÝEWA,
Türkmenabat şäheriniñ 40-njy orta mekdebiniñ taryh mugallymy.



