Habarlar

IIM-niň kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy

26-01-2023 / 5048

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler. Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologik ölçeglere laýyk gelýär we onuň gurluşygyna bildirilýän talaplar doly berjaý edilýär. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler bilen enjamlaşdyryldy, IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär we olaryň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy. Jaýlaryň hojalyk desgalary hem bar.

Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar olara uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu