PsihologiýaSlider

Çaga terbiýesine parhsyz garamaň!

26-01-2023 / 15

Tebigat çagalara ýaşamak we üýtgäp durýan daşky gurşawa öwrenişmek üçin birnäçe ukyplary beripdir. Muňa mysal hökmünde, ýaňy bolan çaga bir zady tutanda özüniň asylyp duran bedeniniň agramyny saklap bilýär. Süýem barmagyňy çaganyň aýasyna salanyňda, ol berkje ýapyşmagy we sypdyrman seniň el hereketiňi yzarlamagy başarýar.

Bu döwürde çaga köp täze ukyplary we endikleri okgunly öwrenýär, şol sanda öwrülmegi, iki eliň we iki dyzyň üstünde durmagy, giňişlikde süýşmekde ilkinji synanyşmalary başarýar.

Perzent şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan ulalýar. Ol kadaly iýmitlendirilmek bilen, wagtly-wagtynda ukusyny alýar. Beden we aň ösüşi netijesinde çagajygyň agramjygy artýar, ähli beden agzalary ösýär.

Çaganyň öz bedeniniň mümkinçilikleri öwrenmäge, güýçli we sazlaşykly bolmaga, böwetlerden şowly, üstün çykmaga kömek etmelidir. Şeýlelikde, sagdyn çaga tebigy ýagdaýda emedeklemegiň we ulularyň goldawy bilen durjan-durjan bolmagyň hötdesinden gelýär. Çaganyň emedeklemegini höweslendirmek üçin onuň öňünde özüne çekiji oýnawajy goýsaň, körpeje şoňa ýetjek bolup hereket edýär we oňa ýetmek almak arkaly şatlanýar.

Çaganyň durmuşynyň ikinji ýarym ýylynda ynanyp bolmajak üýtgetmeler bolup geçýär. Çaga oýunjaklar bilen hakykat oýunlary oýnap başlaýar, ol dürli hereketlere we seslere öýkenip başlaýar. Reňkleri we jisimleri duýup bilýär.

Haçan-da çaga söýegde kömeksiz durup bilen ýagdaýynda, durup hem hereket edip bolýandygyna düşünýär. Ol duran ýerinde, eglip ýerdäki oýnawajyy alýar we ýene-de galýar, ýöreýşini dowam edýär. Bu döwürde oňa diňe bir ýerden däl-de, boýundan sähelçe beýiklikdäki zatlary tutmagy, almagy hem öwretmeli.

Çagalaryň güýmenjelerini diňe peýdaly, sagdyn ösüşe gönükdirilen ýagdaýda alyp barmak ulularyň borjudyr. Şonuň üçin hem olar bilen bile oýnaň!

Mähriban DOSOWA,
Daşoguz şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu