SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Sallançagyň döreýşi

24-01-2023 / 22

Halk arasynda çaga sallançagy nesil dowamatynyň, agzybirligiň, rysgal-döwletliligiň alamaty hasaplanylýar.

Gadymýetde ene-mamalarymyz perzendiň sagdyn bedenli, aňly-düşünjeli şahsyýet bolup ýetişmegi üçin onuň sallançagy bilen baglanşykly birnäçe däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler. Çünki perzent çagalyk dünýäsiniň başlangyç döwrüni sallançakda geçirýär. Adatça, türkmen maşgalasynda sallançaklar nesilden-nesle hem geçipdir. Bu bolsa nesil daragtynyň dowamatlygynyň alamaty. Hatda türkmen maşgalasynda täze gelinlere köp perzentleriniň bolmagyny yrym edip, enelerimiz olara kiçi göwrümli oýnawaç sallançagy hem sowgat beripdirler. Şu nukdaýnazardan halk arasynda çaga sallançagyň döreýşi bilen baglanşykly şeýle rowaýat giňden ýaýran:

– Gadym zamanlarda bir gelniň düýşünde asmandan sallançak sallanypdyr. Sallançak sallana-sallana ýere ýakynlaşanda, onuň ýüpleri bagyň şahasyna ilteşipdir-de, şol ýerde hallan atypdyr. Gelin sallançaga elini ýetiripdir welin, sallançagyň bady sakga duruberipdir. Ertesi gelin düýşündäki ýaly sallançak edipdir. Sallançak baglaryny jüp tutup, sag tarapyny bir baga, çep tarapyny beýleki baga daňypdyr. Ýaňky gelin bäbegini sallançaga salypdyr-da, ony yralap ugrapdyr. Şol pursat kalby joşan gelniň zybanyna şu hüwdi setirleri gelipdir:

Allan, allan edeýin,
Bagdan sallan edeýin,
Sen gül bolup açylsaň,
Men saýaňda ýataýyn.

Rowaýatdan görnüşi ýaly, sallançagyň döreýşi-de ene mähriniň gudraty bilen baglanşykly. Mahlasy, mukaddes sallançak, mährem käbäniň ýürek sedasyna utgaşyp, janlyja edep gaznasyny şöhlelendirýär.

Gülnabat HALYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu