
Siz öz-özüňize näme üçin käbir adamlar aňsat ýoly gözleýärler diýip soraýarsyňyz. Ähli zada ýeňillik bilen ýetýärler diýip pikir edýärsiňiz, emma bu beýle däl. Üstünlikli we şowly adamlar munuň beýle däldigini, üstünlige ýetmek üçin işlemegi endik edinmelidini bilýärler:
Rahatlyk çäginden çykyň. “Sizde öň ýok zady gazanjak bolsaňyz, ozal etmedik işleriňizi etmeli bolarsyňyz” diýip Riçard Bah belleýär. Emma muny aýtmak etmekden has aňsatdyr. Kanadaly işewür tälimçi Braýan Treýsi tarapyndan geçirilen barlaglara görä, adamlaryň 80%-i girdeji derejesinden nägile. Diňe amatly we tanyş zatlary etseňiz, hemişelik şol bir derejede galarsyňyz. Şonuň üçin ilkinji öwrenmeli zat rahatlyk zonasyndan çykmakdyr.
Hemişekiden bir sagat ir oýanyň. Ortaça adam haýsy wagtda turýar? Işe taýyn bolmak üçin takyk wagt, ýagny iň soňky pursatda ýetişýärler. “Ir turan işinden dynar”, “Galan işe gar ýagar” diýip belleýärler. Bu nakyllardan belli bolşy ýaly, ir turmak adama ähli işlerini wagtynda dynmaga mümkinçilik berýär.
Ir ýatmaga çalşyň. Üstünlige ýeten adamlar telewizora tomaşa etmegiň ornuna ir ýatmagy saýlaýarlar. Amerikaly gözlegçi Tomas Korlininiň bellemegine görä, üstünlik gazananlaryň 67%-i hiç hili telewizora tomaşa etmeýärler. Telewizor endiginiň bolmazlygy üstünlikli adamlara has ir ýatmaga mümkinçilik döredýär.
Maşklary ýerine ýetiriň. Fiziki maşklary ýerine ýetirmek bilen siz berk saglyk, negatiw duýgularyň döremezligi, kynçylyklar bilen söweşmek we ýeňmek endigine eýe bolarsyňyz.
Kitaplary okaň we bilimiňizi artdyryň. Kitap bilimiňizi artdyrmakda size iň gowy kömekçidir, ol adamyň dünýagaraýşyny oňat tarapa üýtgedýär. Ýakynlaryňyza, dostlaryňyza düşünmäge ýardam edýär. Üstünlige ýetenleriň 88% -i günde azyndan 30 minut ýörite edebiýatlary okaýarlar.
Wagtyňyzy meýilleşdiriň. Üstünlik gazananlar öňünden kesgitlenen tertip boýunça ýaşaýarlar. Munuň üçin, nusgawy gündelikleri, mobil programmalary alýarlar. Aslyndan haýsy usuldygyna garamazdan, esasy zat wagtyňyzy dolandyrmakdyr.
Maksatlary kesgitläň we olara ýetmäge synanyşyň. Öz işiňize başlanyňyzda özüňize sorag beriň, “Netijede näme alasym gelýär?”. Maksatlaryňyz bu sizi üstünlige getirýän meýilleriň biridir. Ol islendik zat bolup biler million dollar gazanmak, deňiz kenaryndan jaý almak ýa-da bu dünýäni biraz gowulaşdyrmak.
Esasy bu arzuwlaryňyzyň yzyndan gidiň, olara ynanyň we gorkularyňyzy ýeňmäge synanşyň!
Gülnabat HALYŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.




Gaty gowy motiwasiýa👍