
Her bir gözde takmynan 107 million öýjük bolup, olaryň ählisi hem yşyga garşy duýgurdyr.
7 million konus öýjügi reňkleri we görmek isleýän jikme-jiklerimizi görmegimize, 100 millin öjük bolsa gara bilen ak reňki tapawatutlandyrmagymyza ýardam edýär.
Nikolaý Lamm atly alym taýýarlan simulýasiýasynyň üsti bilen pişikler bilen adamlaryň arasyndaky görüş tapawudynyy ýüze çykarypdyr. Netije-de, pişikleriň biziň gözümiziň hiç hili görüp bilemeýän garaňkylygynda-da ähli zady anyk tapawutlandyryp bilýändikleri subut edilipdir.
Göz gyrpmak, göz ýaşyny gözüň ähli ýerine paýlamaga we gözüň üstündäki hapany arassalamaga, göz ýaşlary bolsa gözüň nemlenmegine we ýaglanmagyna garşy kömek eder.
Sagdyn adamlaryň gözi, takmynan, 10 million reňki tapawutlandyryp bilýär.
Adam gözüne iň ýakyn hasaplanýan gözleriň biri akulanyň gözi hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem göz operasiýalarynda protez göz hökmünde akulanyň gözi ulanylyp bilner.
Kadyr GULOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.



