Siziň üçin...Slider

Möjekler — güýçlüligiň nyşany

25-01-2023 / 54

Olaryň her biriniň, ýagny erkeginiň agramy kyrk-elli, ene möjegiňki bolsa otuz-kyrk kilogram töweregidir. Möjegiň dört hili görnüşi bolýar. Biziň ýurdumyzda duş gelýänleriň reňki çalrak, ýere çalymdaşdyr. Olaryň her haýsy bir günüň dowamynda 8-10 kilogram et iýýär. Möjekler aňsat ýadamaýar. Surnugyp awa çykan halatlary, olar awuna sataşýança, kä ýortup, kä ylgap, ýigrimi-otuz kilometr çemesi aralygy geçýär. Olar giň we çuň suwlardanam ýüzüniň ugruna ýüzüp geçip gidýär. Üstesine-de möjekler güýçli, çalasyn, ýyndam bolýar. Awlan ýabany, öý haýwanyny ýiti hem iri dişleri bilen berk saklap ýa-da ony arkasyna atyp, uzak menzilleri aşýar. Adam, maşyn sesini eşidende-de, güýçli garşylyga duçar bolaýmasa, aňsat awuny elden gidermeýär.

Möjekleriň eşidiş, görüş, ys alyş organlary-da örän gowy işleýär. Şu zeýilli häsiýetleri bilen birlikde, onuň özüni ahmal edýän tarapam bar. Ol garnyny kemsiz doýrandan soň, bir buky ýerde arkaýyn ýatyp, dynç alýar, süýji uka gidýär. Şol halat oňa ýakyn barsaň-da bir bada hiç zady duýmaýar.

Möjekler köp örňeýär. Ýaz möwsüminde ene möjek öz süreninde dörtden on ikä çenli itiň güjügine çalymdaş çaga guzlaýar. Möjek peýdalymy ýa-da zyýanly, tebigatda gereklimi ýa-da ýok diýilip, doly çözgüt edip bolmaz. Sebäbi öri meýdanlarynda, obalarda öý haýwanlaryna ýetirýän zyýany bolany üçin olary ýok etseler-de döwlet tebigy goraghanalarda, milli tebigy seýilgählerde beýleki jandarlar ýaly ýaşamak mümkinçiligi döredilýär.

Ogultäç GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu