
Ýurdumyzda gyş pasly dowam edýär, howa sowaýar, aýazly hem ýagyşly günler köp bolýar. Howa aşa sowuk bolanda, ýer doňup, toprak gowy yzgarlanýar. Doňaklykda bolsa ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri sowuk alýar.
Eýsem-de bolsa, tebigatda erkin şertlerde ýaşaýan ýabany haýwanlar, janly-jandarlar aýazly gyş paslyny nähili geçirýärlerkä? Bu köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.
Ýabany haýwanlaryň, guşlaryň käbir görnüşleri gyş pasly golaýlanda, maýyl howaly sebitlere, iýmitiň bol ýerlerine göçüp gidýärler. Guşlaryň göç wagtyny bilmekleri hem-de her sapar şol bir ýoldan uçup geçmekleri örän täsindir. Guşlaryň göç etmeli wagty nähili bilýändiklerine henize çenli anyk jogap tapylmaýar. Paslyň çalyşmagy bilen, olar ýene-de öňki mesgenlerine dolanyp gelýärler.
Belka, syçan, samyr, garynja ýaly jandarlar eýýäm tomus aýlarynda gyş üçin iýmit ýygnap başlaýarlar. Garynjalar, towşanlar hinlerini has çuň gazýarlar. Pyşdyllar güýzüň ahyrynda ösümlikler guransoň, gyrymsy agaçlaryň arasyndaky hinleri köwüp giňeldýärler hem-de gyşky uka gidýärler. Hinleriň çuňlugy 1-1,5 metre ýetýär. Bu olary ýyrtyjy haýwanlardan, gyşyna sowukdan goraýar.
Haýwanlaryň käbirleri gyş paslynyň belli bir bölegini, käbirleri bolsa tutuş gyşy uklap geçirýärler. Uka gidenlerinde, olaryň bedenleriniň gyzgynlygy düşýär, ýürek urgulary haýallaýar, seýrek dem alýarlar. Olar gyş ukusynda az energiýa harçlaýarlar. Güýz aýlarynda has köp iýmitlenip, gyşa taýýarlyk görýärler. Şonda iýmitleriň belli bir bölegi ol haýwanlaryň bedeninde ýaga öwrülýär. Gyş ukusynyň dowamynda bolsa ýag energiýa çeşmesine we suwa öwrülip, olaryň ýaşaýşyny üpjün edýär.
Eneş GURBANGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



