
19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldi.
Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşdy.
Günüň birinji ýarymynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri we ýollary barada pikir alyşmalar boldy. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.
Täzegül RAIMOWA,
Hojambaz etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.



