
Häzirki güne çenli Ýer ýüzünde ýaşaýan guşlaryň 9800 görnüşi mälimdir.
Maglumatlara görä, bilermenler, guşlar dinozawrlardan gelip çykdy diýip çaklaýarlar.
Düýeguşuň ýumurtgasyny bişirmek üçin ony 2 sagatlap gaýnatmak zerurdyr.
Dünýäde ganatsyz ýeke-täk guş kiwi guşudyr.
Leglek uçýan döwründe ýere gonmazdan uklamaga ukyplydyr.
Guşlar hiç wagt derlemeýändigini bilýärdiňizmi?
Guşuň ýelekleriniň agramy onuň süňkleriniň jemi agramyndan hem agyr gelýändir.
Guşuň ýüregi dynç alýan döwründe 400 gezek, uçuş edýän döwründe bolsa 1000 gezege çenli urýar.
Toklutaýlar agramy boýunça iň agyr guşdur.
Kolibri guşy bir günüň dowamynda öz agramyndan 2 esse köp iýmit iýmäge ukyply.
Baýguşlar gözlerini gapdala hereketlendirip bilmeýärler. Olar sag ýa-da çep tarapyny görmek üçin kellelerini tutuşlygyna öwürmeli bolýarlar.
Dünýäde iň çalasyn guş diýip algyr guşy aýtmak bolar.
Geçiguş bir günüň dowamynda öz çagajyklaryny takmynan 1000 gezek iýmitlendirýär.
Taýýarlan: Nurgeldi GELDIMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.



