HabarlarTehnologiýa

«Flyter» atly aeromobil ulagy öndüriler

19-01-2023 / 9

Häzirki wagtda Russiýanyň Woronež şäherinde ýerleşýän «Scienex» kompaniýasy «Flyter» atly aeromobil ulagynyň üstünde iş alyp barýar. Bu ulagy şu ýylyň maý aýynda synagdan geçirmek göz öňünde tutulýar. Ganatlary we açyk ganatlary bolmadyk uçýan ulag hakyndaky maglumatlaryň internet ulgamlarynda peýda bolmagy häzirki zaman jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.

Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, geljegiň kämil ulaglary şeýle görnüşde bolar. Boýy 5 m, ini 2 m deň bolan ulag sagatda 100 km geçmäge ukyply bolup, onuň aňrybaş tizligi sagatda 120 kilometrdir. Ol awtouçarman arkaly dolandyrylar. Aeromobil ulagy iki adama niýetlenendir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu